Täzelikler

Talyplarynyň arasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde “Magtymguly, sözle bu şirin dilde” ady bilen geçirilen diktant bäsleşiginiň ýeňijileri

Talyplarynyň arasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde “Magtymguly, sözle bu şirin dilde” ady bilen geçirilen diktant bäsleşiginiň ýeňijileri

by admin tdlu -
Number of replies: 0

2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary, mugallymçylyk hem-de lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde “Magtymguly, sözle bu şirin dilde” ady bilen geçirilen diktant bäsleşiginde uniwersitetimiziň Kesel bejeriş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Mylaýym Şyhyýewa rus dilinden II orna, Pediatriýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýlar Babajanowa iňlis dilinden III orna mynasyp bolup, ýörite Diplomlar bilen sylaglandylar.