Türkmenistanyň
Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylynyň 20-nji oktýabryndaky “Orta mekdepleri ýokary okuw mekdeplerine berkitmek hakynda” 232-nji buýrugyna laýyklykda Myrat
Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina biologiýasy
we genetika kafedrasy tarapyndan 2024
ýylynyň 13-nji we 16-njy maýynda ýöriteleşdirilen
“Beýik Serdar nesilleri” atly 75-nji we tebigy bilimlere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň goraghanalarynyň ösümlik we haýwanat
dünýäsi barada söhbetdeşlik , ýurdumyzda ösýän derman ösümlikleriň durmuşdaky ähmiýeti barada sergi gurnaldy. Okuwçylar geçirilen çärelere işjeň gatnaşdylar we ýurdumyzyň
tebigatynyň ösümlikleriniň hem haýwanat dünýäsiniň köpdürliligi barada täze maglumat topladylar.