Täzelikler

Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen çäre

Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen çäre

by admin tdlu -
Number of replies: 0

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylynyň 20-nji oktýabryndaky “Orta mekdepleri ýokary okuw mekdeplerine berkitmek hakynda” 232-nji buýrugyna laýyklykda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina biologiýasy we genetika kafedrasy tarapyndan  2024 ýylynyň 13-nji we 16-njy maýynda  ýöriteleşdirilen “Beýik Serdar nesilleri” atly 75-nji we tebigy bilimlere ýöriteleşdirilen  44-nji orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň goraghanalarynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi barada söhbetdeşlik , ýurdumyzda ösýän derman   ösümlikleriň durmuşdaky ähmiýeti barada sergi gurnaldy. Okuwçylar    geçirilen  çärelere      işjeň gatnaşdylar   we ýurdumyzyň tebigatynyň  ösümlikleriniň hem  haýwanat  dünýäsiniň köpdürliligi barada täze maglumat topladylar.