
26-njy aprelda uniwersitetimiziň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetinde “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny
ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde Fakultet terapiýa dersi boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige kesel bejeriş, pediatriýa,
harby lukmançylyk fakultetlerinden 4-nji ýyl talyplaryndan 9 talyp gatnaşdy. Olardan Şukurowa Merjen I orna, Jumanazarowa Aýgözel II orna, Arnepesowa Ogulbagt
III orna mynasyp boldular.