OLIMPIADA

Täzelikler

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary döwlet sylaglary bilen sylaglandylar

от admin tdlu -

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyny giňden belläp, buýsandyryjy netijeleri gazanmak bilen garşylaýar. Geçen otuz bäş ýylyň dowamynda eziz Diýarymyzda asyrlara ýaň saljak beýik işler bitirildi. Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, öz halkynyň abadan, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän ýurtlaryň hataryna ynamly goşuldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetildi. Demokratik, hukuk we dünýewi döwleti ösdürmekde, raýat jemgyýetini kämilleşdirmekde, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny artdyrmakda, Ýer ýüzüniň ýurtlarydyr halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde we berkitmekde buýsandyryjy netijeler gazanyldy.

Garaşsyz Türkmenistany ýokary depginler bilen ösdürmekde, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende götermekde ýurdumyzyň her bir raýatynyň uly goşandy bardyr. Şoňa görä-de, berkarar döwletimiziň ýokary sepgitlere ýetmegine önjeýli goşant goşýan watandaşlarymyz hormat-sylaga mynasypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, kanunçylygy pugtalandyrmakda, ýurduň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, gurluşyk, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryyzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önümçiligiň netijeliligini, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, önümiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda, has täze tehnikalary, tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmakda, ulag serişdelerini netijeli peýdalanmakda, ilata edilýän hyzmatlary ýokary hilli ýerine ýetirmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, uçarlary we dikuçarlary sürmekde has öňdebaryjy usullary ulanmakda, aýdym-sazy ökdelik bilen ýerine ýetirmekde, çeperçiligi ýokary sungat eserlerini döretmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ylmyň we tehnikanyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň, milli medeniýetiň, edebiýatyň, teatr, kino, telewideniýe, aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň, žurnalistikanyň we medeni aň-bilim edaralarynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary okatmaga we ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, zähmetsöýerlik, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge, ýokary hünärli döredijilik işgärlerini taýýarlamaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlygyny, joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň uly mugallymy Sapardurdy Tilkiliýew Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly, akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri Şeker Hojaberdiýewna Berdiýewa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandylar, inçekesel kafedrasynyň müdiri Mähri Haldurdyýewna Durdyýewa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakyldy.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Garaşsyzlyk – lukmançylyk ylmynda, biliminde we innowasiýalarda gazanylanlaryň binýady” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

от admin tdlu -

2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Garaşsyzlyk – lukmançylyk ylmynda, biliminde we innowasiýalarda gazanylanlaryň binýady” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezinde ylmy-amaly maslahat geçirildi

от admin tdlu -

2026-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Garaşsyzlyk ýyllary içinde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda ýetilen sepgitler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýän saglygy goraýyş syýasatynyň we Eneleriň, bäbekleriň, çagalaryň hem-de ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça Milli strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde çaga kesellerini irki döwürde anyklamak, netijeli bejermek hem-de olaryň öňüni almak işlerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň orny aýratyn nygtaldy. Şeýle-de kliniki taýdan ýokary netijeliligi, milli saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan durnukly ösüşler hem-de ylmy-amaly taýdan ýetilen sepgitler boýunça ylmy işleriň netijeleri barada ylmy mazmunly çykyşlar diňlenildi.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi

от admin tdlu -

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi ýokarlandyrmak, Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek hem-de 2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň 291 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini geçirmek barada Gözükdirijiniň» talaplaryny berjaý etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň lukmançylyk hünärlerine bolan höweslerini artdyrmak, zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 18-ne Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi.

Bäsleşigiň çäginde uniwersitetimiz bilen tanyşlyk, paýtagtymyzyň gözel ýerlerine syýahat hem-de dabaraly ýagdaýda sowgat gowşurylyşyk ýaly çäreler gurnaldy.

Çekeleşikli geçen bäsleşikde has gowy netije görkezen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Garaýew Sähetmyrat I orna, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Maksadowa Güljemal, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Annamämmedowa Aýnur II orna, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aşirow Şanazar, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 20-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Esenowa Aýlar, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Atajanowa Mähri III orna mynasyp boldylar.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde brifing duşuşygy geçirildi

от admin tdlu -

2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 35 ýyllygy we ÝUNESKO-da giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk güni mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda “Dialog-durnukly ösüşiň binýady” atly brifing duşuşygy geçirildi.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda duşuşygy geçirildi

от admin tdlu -

2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Sebitde ilkinji akylly Arkadag şäherde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi atçylygy ylmy esaslarda öwrenmäge uly itergi berýär” diýip aýdanlaryndan ugur alyp, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary hem-de Türkmen atlary Döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary talyplara dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ahalteke atlary barada täsirli gürrüň berdiler. Ýola goýulan Ahalteke atlarynyň kömegi bilen saglygy dikeltmek usullaryň biri bolan – ippoterapiýanyň ähmiýetini amalýetde görmeklik lukman-talyplarda aýratyn täsir galdyrdy. Türkmen atlary Döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döwrebap abzallaşdyrlan barlaghana bölüminde ahalteke atlarynyň gan aýlanyş, dem alyş, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işjeňliginiň ylmy taýdan öwrenilişi barada bölümiň hünärmenleri giňişleýin durup geçdiler. Iki ýokary okuw mekdepleriň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda geçen pikir alyşmalaryň dowamynda “Owazasy ýedi yklyma ýaýran” be­dew­le­re be­lent sar­pa goý­ulýan ýurdumyzda mil­li at­çy­lyk spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ üçin giň mümkinçilikleri döredilýändigi barada, mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak we ös­dür­mek ba­bat­da ta­gal­la­la­ra gol­daw ber­mek­den, ahal­te­ke at­la­ry­nyň ta­ry­hy­ny öw­ren­mek­den, ýaş ne­sil­le­re ýe­tir­mek­den yba­rat­dygy barada aýratyn bellenildi.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Biologiýa dersi boýunça olimpiada yglan edýär

от admin tdlu -

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça bäsleșigi geçirýändigini yglan etdi.

Bäsleşigiň test ýumuşlary türkmen dilinde hödürlener.

Bäsleşik 2 tapgyrdan, ýagny saýlama we jemleýji tapgyrlaryndan ybarat bolup, saýlama tapgyryny welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleri, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi hem-de ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty jogapkärçiliklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik esasynda ýeňijileri seçip alarlar.

Saýlama tapgyryň yzygiderliligi: her mekdep okuwçylarynyň arasyndan 3 okuwçyny bäsleşik esasynda saýlap, olary etrap tapgyryna gatnaşdyrmaly hem-de her etrapdan bäsleşik esasynda saýlanan 3 okuwçyny welaýat (şäher) tapgyryna hödürlemeli.

Welaýat (şäher) tapgyry 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda geçiriler hem-de welaýatlardan we Aşgabat, Arkadag șäherlerinden saýlama tapgyryndan saýlanan 5 okuwçy, Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan 3 okuwçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda saýlama tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçiriler. Gatnaşyjylar we olary taýýarlan mugallymlar baradaky maglumatlary 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryna çenli tdlu.iolimp@gmail.com salgysyna ugratmaly.

Bäsleşigiň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça awtomatiki usulda ýörite kompýuter programmasy arkaly kesgitlenilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312-48-99-32; +99364-00-04-70


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

от admin tdlu -

2026-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli Merkeziniň şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikdäki tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän biraýlygyň çäginde ýol hereketleriniň düzgünlerini berjäý etmäge bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hoşallyk maslahaty geçirildi

от admin tdlu -

2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagyna bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagyny Watan habarlar gepleşiginde tomaşa etdiler

от admin tdlu -

2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 3-ne Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagyny uniwersitetiň uly Mejlisler zalynda Watan habarlar gepleşiginde tomaşa etdiler.


Старые темы...