Täzelikler

Mekdep olimpiadasynyň netijeleri belli boldy!

Mekdep olimpiadasynyň netijeleri belli boldy!

by admin tdlu -
Number of replies: 0

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» talaplaryny durmuşa geçirmek hem-de, ösüp gelýän ýaş nesliň alýan bilimlerini çuňňur özleşdirmäge bolan höweslerini artdyrmak, zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 18-ne uniwersitetimizde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň Döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeginde bilim alýan mekdep okuwçylarymyzdan bäsleşigiň saýlawjy tapgyrynda ýeňiji bolan 38 okuwçy Döwlet tapgyrana gatnaşdylar. Bäsleşigiň Döwlet tapgyry uniwersitetimizde häzirki zaman kompýuteriň kömegi bilen geçirildi. Bäsleşigiň çäginde uniwersitetimiz bilen tanyşlyk, paýtagtymyzyň gözel ýerlerine syýahat hem-de dabaraly ýagdaýda sowgat gowşurylyşyk ýaly çäreler gurnaldy.