Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda
“Ýaş lukmanyň zehini – Sagdyn durmuş kepili”
atly bäsleşigi guramak we geçirmek hakynda
DÜZGÜNNAMA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna”, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan we Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ýurdumyzyň ylymly, bilimli, Watanymyza, halkymyza, Mähriban Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy zehinli nesillerini ýüze çykarmak we talyplaryň okuwa bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çäginde talyplaryň arasynda “Ýaş lukmanyň zehini – Sagdyn durmuş kepili” atly bäsleşigi geçirmek boýunça Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
Umumy düzgünler
Düzgünnama bäsleşige isleg bildirýän lukmançylyk uniwersitetiniň 4-nji, 5-nji we 6-njy ýyl talyplarynyň arasynda “Ýaş lukmanyň zehini – Sagdyn durmuş kepili” atly bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasydyr.
Bäsleşigiň geçirilmegi özbaşdak pikirlenip, mesele çözüp, netije kabul etmäge ukyply ýaşlary ýüze çykarmaga, bitewi bilim, ylym, innowasiýalar, önümçilik we işewürlik ulgamlaryny ösdürmäge ukyply, aýratyn zehinli talyplaryň öz başarnyklaryny açyp görkezmeklerine, häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalar, lukmançylygyň dürli ugurlary bilen gyzyklanmalarynyň artmagyna, lukman pikirleriniň ösmegine, bejergi ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam berer.
“Ýaş lukmanyň zehini – Sagdyn durmuş kepili” atly bäsleşiginiň esasy maksatlary:
- Aýratyn zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek hem-de ýurdumyzda lukmançylyk bilimini ösdürmek;
- Talyplarda döredijilikli pikirlenmek endiklerini kemala getirmek;
- Talyplaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli pikir alyşmalaryny guramak;
- Talyplara özbaşdak standart däl meseleleri ýüze çykarmak we çözmegi, ylmy meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek;
- Talyplarda özbaşdak işlemek başarnyklaryny ösdürmegiň esasynda nazary bilimlerini amalyýetde ulanmagy öwretmek.
“Ýaş lukmanyň zehini – Sagdyn durmuş kepili” atly bäsleşiginiň wezipeleri:
- Talyplarda häzirki zaman ylmy maglumatlary ulanmak arkaly lukmançylygyň dürli ugurlaryna gyzyklanma dörertmek;
- Talyplaryň ylym-bilim we döredijilik babatynda özara aragatnaşygyny işjeňleşdirmek;
- Zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak we döredijilik işine höweslendirmek, olaryň geljekde ukyp başarnyklarynyň ösmegine oňyn şertleri döretmek.
“Ýaş lukmanyň zehini – Sagdyn durmuş kepili” atly bäsleşigini guramagyň tertibi:
“Ýaş lukmanyň zehini – Sagdyn durmuş kepili” atly bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Guramaçylyk topary döredilýär. Toparyň düzümi uniwersitetiň rektory tarapyndan tassyklanýar. Toparyň wezipeleri:
- “Ýaş lukmanyň zehini – Sagdyn durmuş kepili” atly bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini, tertibini we möhletini kesgitlemek hem-de ony geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barmak;
- Bäsleşigiň şertlerini we talaplaryny taýýarlamak;
- Bäsleşige gatnaşýan ýaşlaryň ýüz tutmalaryna seretmek we arz-şikaýatlar boýunça düşündiriş işlerini geçirmek.
“Ýaş lukmanyň zehini – Sagdyn durmuş kepili” atly bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň tertibi:
“Ýaş lukmanyň zehini – Sagdyn durmuş kepili” atly bäsleşigi 2 tapgyrda geçirilýär.
I tapgyr – bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar aprel aýynyň 28 çenli uniwersitetiň elektron portal ulgamynyň sahypasynda test arkaly bahalandyrma geçmeli. Bäsleşige toparlaýyn görnüşde gatnaşmak rugsat berilýär (gatnaşýanlaryň adam sany 4-den köp bolmaly däldir).
II tapgyr – I tapgyryň ýeňijileri 2024-nji ýylyň maý aýynyň 6-7 aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde gurnaljak “Ýaş lukmanyň zehini – Sagdyn durmuş kepili” atly bäsleşige gatnaşarlar. II tapgyrda lukmançylyk amalyýeti bilen baglanşykly toparlaýyn synag tapgyrlaryny geçerler we ball boýunça bahalandyrylar.
Toparlaýyn synag tapgyrlary:
1. “Lukmançylyk torbasy” – bäsleşige gatnaşjak toparlara dürli görnüşli lukmançylyk torbalary berilip, torbanyň ulanylýan ýerini we aýratynlykda içki düzümini gürrüň bermeli. Bu tapgyr 5 minut dowam edip, her dogry jogap üçin 1 ball beriler.
2. “Tikinler” – bäsleşige gatnaşjak toparlaryň bir talyby tarapyndan bije çekmek arkaly saýlanan tikiniň görnüşini tikip görkezmek we ony haýsy ýagdaýlarda ulanylýandygyny düşündirmek. Bu tapgyr 10 minut dowam edip, 5 ball beriler.
3. “Gips sargysyny goýmak” – bu tapgyrda toparlar dürli görnüşli gips sargysyny goýmaklygyň düzgünleri boýunça gipsy taýýarlap goýmaly. Bu tapgyr 20 minut dowam edip, 10 ball beriler.
4. “Ýürek-öýken reanimasiýasy” – bu tapgyrda berlen gaýragoýulmasyz ýumuşy toparlaýyn ýerine ýetirmeli. Tapgyryň dowamlylygy 10 minut, umuy berilýän ball 20 bolup, her goýberilen ýalňyşlyk üçin 1 ball aýyrylýar.
5. “Surat analizirleme” – bu tapgyr dürli toparlaryň bilelikde gatnaşmaklary bilen geçirilip, görkezilen suratlaryň dogry kesel kesgidini çalt aýtmak boýunça geçiriler. Her dogry aýdylan jogaba 1 ball beriler.
6. “Kliniki waka” – toparlara ýörite taýýarlanan näsaglar berilip, olara dogry sorag, barlag we bejergi meýilnamasyny düzmek beriler. Tapgyr sorag- jogap, simulýatorlar arkaly ýerine ýetiriler. Dogry kesel kesgidini we bejergi meýilnamasyny düzmek üçin 10 minut wagt sarp ediler.
Bäsleşigiň II tapgyry 2 günüň dowamynda geçirilip, 1-nji gün 4 tapgyry Fantom otagynda, 2-nji gün 2 tapgyry mejlisler zalynda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bäsleşige uniwersitetiň halypa mugallymlary we myhmanlar gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.
Bu tapgyryň ýeňijileri 2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar bilen sylaglanarlar.