Täzelikler

Bilim edaralaryna halkara ölçeglere laýyk döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnamalar gowşuryldy

Bilim edaralaryna halkara ölçeglere laýyk döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnamalar gowşuryldy

от admin tdlu -
Количество ответов: 0
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamynda ähmiýetli çäre geçirildi. Onda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka milli bilim ulgamynda hili üpjün etmegiň halkara ölçeglere laýyk gelýän täze basgançaga çykandygynyň resmi beýanyna öwrüldi. Dabarada Türkmenistanyň bilim ministrliginiň ýolbaşçylary çykyş edip, ýygnananlary milli ylym-bilim ulgamyndaky sepgit bilen gutlady hem-de bu çäräniň Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän guramaçylyk, hukuk we institusional özgertmeleriň bir bitewi ulgama birigen aýdyň netijesidigini aýratyn nygtadylar. Milli akkreditasiýa ulgamynyň kemala gelmegi soňky ýyllarda durmuşa geçirilen yzygiderli özgertmeleriň logiki dowamydyr. 2020-nji ýylda kabul edilen döwlet bilim standartlary esasynda, 2021–2024-nji ýyllar aralygynda müňden gowrak hünär we taýýarlyk ugurlary boýunça okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyryldy. Ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, milli akkreditasiýa ulgamyny döretmek wezipesi döwlet strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi.