Täzelikler

Ders bäsleşiginiň netijeleri:

Ders bäsleşiginiň netijeleri:

by admin tdlu -
Number of replies: 0

23-nji fewralda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy

 kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”,  “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde Biologiýa dersi boýunça Türkmen oba hojalyk 
instituty tarapyndan gurnalan döwlet  onlaýn ders bäsleşigine Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk  uniwersitetiniň  talyplary gatnaşdy.Olardan:

  •  Kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Tekäýew Şatlyk I orna,
  •  Kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Nazarow Babajan II orna, Pediatriýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Meredow Azat II orna,
  •  Annageldiýew Saparmuhammet III orna, Pediatriýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Sapargylyjow Bereket III orna  mynasyp boldylar.