23-nji fewralda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň
arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, “Türkmenistanda
tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy
kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim
ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde Biologiýa
dersi boýunça Türkmen oba hojalyk
instituty tarapyndan gurnalan döwlet onlaýn ders bäsleşigine Myrat
Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
talyplary gatnaşdy.Olardan:
- Kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Tekäýew Şatlyk I orna,
- Kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Nazarow Babajan II orna, Pediatriýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Meredow Azat II orna,
- Annageldiýew Saparmuhammet III orna, Pediatriýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Sapargylyjow Bereket III orna mynasyp boldylar.
