«TÜRKMENSTANDARTLARY» BAŞ DÖWLET GULLUGYNYŇ WEKILLERI DUBAÝA «PROGRAMMA ÜPJÜNÇÜLIGINIŇ GORAGY» HAKYNDA OKUWA GITDILER
2023-12-04
| 321
Malaýziýanyň «Serba dinamik Sdn.Bhd» kompaniýasynyň Türmenistandaky şahamçasy bilen baglaşylan TDS-1/2022 belgili şertnamanyň 2-nji goşundysyna laýyklykda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölümimiň işgärleri Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän «EDOXI TRAINING INSTITUTE» okuw merkezinde kiberhowpsuzlyk boýunça, ýagny «Programma üpjünçüliginiň goragy» hakynda okuwa gitdiler.
Şeýle hem «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölümi Dubaý şäherinde ýerleşýän «Microsoft» we «Google» kompaniýalarynyň iş ýerlerine saparlary gurnamaklygy meýilleşdirýär.