TALYPLAR KIBERHOWPSUZLYK BÄSLEŞIGINDE AJAÝYP NETIJELERI GÖRKEZDILER
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen maglumat howpsuzlygy boýunça ýaryşa ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň 15-sinden 25 topar gatnaşdy.
«Tehniki işe esaslanýan platformany ösdürmek» temasy boýunça bäsleşige gatnaşyjylaryň esasy wezipesi howpsuz sanly hyzmatlary döretmek ýaly tehniki meseleleri ýerine ýetirmekde jemlendi. Şeýle hem, talyplar maglumat ulgamlarynyň we web saýtlaryň gowşak taraplaryny seljerdiler.
Toplanan ballaryň sany boýunça birinji orunlaryň üçüsini Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň toparlary eýelediler.
Ikinji orunlara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň toparlary mynasyp boldular.
Öňdäki üçlügi jemlemek bolsa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binadärlik-gurluşyk institutynyň toparlaryna miýesser etdi.
Maglumat howpsuzlygy sanly ykdysadyýetiň iň möhüm bölegi bolup durýar. Şol sebäpden hem, bu ugurdaky hünärmenler döwlet edaralarynda-da, täjirçilik kompaniýalarynda hem diýseň zerurdyr. Şol zerurlyk bolsa ýylyň-ýylyna artmak bilen.