LÝUKSEMBURGYŇ ÝAŞAÝJYLARY 2024-NJI ÝYLDAN «ELEKTRON GAPJYKLARY» ULANYP BAŞLARLAR

2023-12-06 | 241
LÝUKSEMBURGYŇ ÝAŞAÝJYLARY 2024-NJI ÝYLDAN «ELEKTRON GAPJYKLARY» ULANYP BAŞLARLAR

2024-nji ýylyň başyndan Lýuksemburgyň ýaşaýjylary şahsyýetnamalaryny, sürüjilik şahadatnamalaryny, lukmançylyk kartlaryny, syýahat kartalaryny we beýleki möhüm resminamalaryny saklap bilýän «elektron gapjyklary» ulanyp başlarlar. Resminamalaryň elektron görnüşleri kagyz görnüşleri bilen deň güýje eýe bolar.

«Elektron gapjykda» dürli döwlet we hususy hyzmatlardan peýdalanmak üçin ykjam programma dörediler: mysal üçin bank hasaby açmak we awtoulag kärendesine almak mümkin bolar.

Beýleki Ýewropa ýurtlary sanly resminamalary eýýäm kabul etdiler. Mysal üçin, 2024-nji ýyldan başlap, Çehiýada elektron şahsyýetnamalary peýda bolar.