LISSABON «ÝEWROPANYŇ INNOWASIÝALAR PAÝTAGTY» ADYNA EÝE BOLDY

2023-12-07 | 213
LISSABON «ÝEWROPANYŇ INNOWASIÝALAR PAÝTAGTY» ADYNA EÝE BOLDY

Lissabon «Ýewropanyň innowasiýalar paýtagty» (iCapital) adyna eýe boldy. Bu baýrak her ýyl innowasiýalary öz işinde işjeň peýdalanýan Ýewropa şäherlerine berilýär.

Portugaliýanyň paýtagty uly göwrümli «Unicorn Factory» başlangyjy sebäpli bu baýraga eýe boldy. Ol iki ýylyň içinde 23 ýurtdan 54 tehnologiýa merkezini şähere çekmegi, 10 müň iş ýerini döretmegi we başlangyç sanyny üç esse köpeltmegi başardy. Bularyň ählisi Lissabona sanly saglyk, Web 3 tehnologiýalary we emeli aň ýaly pudaklarda öňegidişlige kömek etdi.

Bu ösüşler şähere ýaşaýyş jaýy, saglygy goraýyş we daşky gurşawy goramakdaky jedelli meseleleri çözmäge kömek edýär. Hususan-da, 2030-njy ýyla çenli uglerodyň bitarap statusyna ýetmek üçin şäher energiýa, suw arassalamak we gaýtadan işlemek boýunça ösen tehnologiýalary öndürýän dürli kompaniýalary we guramalary birleşdirýän platforma döretdi.

Lissabon geljekki ösüş üçin 1 million ýewro baýrak alar.

Şu ýyl esasy kategoriýadan başga-da, ilaty 50-den 259 müň-e çenli bolan şäherlere niýetlenen «Ýewropanyň ösýän innowasiýa şäheri» baýragy gowşuryldy. Bu ugurdaky baýrak Linçepiň (Şwesiýa) şäherine berildi. Şäher baýrak hökmünde 500 müň ýewro alar.

Barselona 2014-nji ýylda Ýewropanyň birinji innowasiýa paýtagty boldy. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan we «Horizon Europe» gözleg we innowasiýa goldaw maksatnamasy bilen baglanyşykly bolan 250 müňden gowrak ilaty bolan şäher bu ada eýe bolup biler.