ADAMYŇ PIKIRINI OKAP BILÝÄN EMELI AŇ DÖREDILDI
Sidneýiň Tehnologiýa uniwersitetiniň alymlar topary adamyň pikirlerini okamak üçin nerw ulgamynyň esasyna öwrülen emeli aňa esaslanýan «DeWave» programma üpjünçiligini döretdiler. Ol «BrainGPT» diýlip atlandyryldy.
Bu ulgam insult, ysmaz ýa-da beýleki dertlere duçar bolup, bilen geplemek ukybyny ýitiren adamlar üçin niýetlenendir. «Ýapyk» ýagdaýda bolan bu adamlar «BrainGPT-niň» kömegi bilen hat alyşmak arkaly aragatnaşyk saklap bilerler. Çünki bu programma olaryň pikirlerini okaýar we olary ýazuw görnüşine geçirýär.
Ulgam ýönekeý bolup, onda işlemek üçin diňe kompýutere birikdirilen EEG (elektroensefalogramma) geçirmek üçin elektrodlary bolan ýörite baş gaby geýmeli. Onda göz yzarlaýyş kameralary ýa-da başga goşmaça enjamlar talap edilmeýär.
«DeWave» programmasyna jemi 29 sany meýletinçiniň beýnisi tarapyndan öndürilen elektrik tolkunlaryny ýazga geçirmek we seljermek mümkinçiligi ornaşdyryldy, çünki olar dürli kynçylykly sözleriň böleklerini sessiz okaýarlar. Bu döwürde «DeWave» algoritmleri anyk EEG tolkunlarynyň haýsy ýazuw sözlerine we söz düzümlerine laýyk gelýändigini öwrendi.
«Bu gözleg EEG tolkunlaryny gönüden-göni terjime etmekde uly üstünlik gazanylandygyny görkezýär. Bu diskret kodlamagyň usullaryny beýniden tekste terjime etmek işine we nerw dekodirlemegine innowasion çemeleşmäni girizen ilkinji gözlegdir» — diýip, alym hem professor K.T.Lin belläp geçdi.