TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ 8-SI «UI GREENMETRIC WORLD UNIVERSITY RANKING» AGENTLIGINIŇ HALKARA REÝTINGINE GOŞULDY
«UI GreenMetric World University Ranking» agentliginiň başlygy Riri Fitri Sari Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisiniň «UI GreenMetric World University Ranking» atly halkara reýtinge goşulandygyny tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.
Şolaryň hatarynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty bar.
«UI GreenMetric World University Ranking» dünýädäki uniwersitetleri alty dereje boýunça halkara reýtinge goşýar. Olar amatly uniwersitet infrastrukturasy, uniwersitet şäherçesinde energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak, uniwersitetiň çägindäki galyndylary gaýtadan işlemek hem-de suw tygşytlamak maksatnamalary, ýokary okuw mekdebiniň toplumynda amatly ulag ýollary, kömürturşy gazynyň ýa-da zyýanly bölejikleriň zyňyndylaryny azaltmak, şeýle-de uniwersitet bilim maksatnamalarynda ekologiýany goramak bolup durýar.