EMELI AŇYŇ ORNUNY TUTUP BILJEK BIOKOMPÝUTER ULGAMY ESASLANDYRYLDY

2024-01-04 | 285
EMELI AŇYŇ ORNUNY TUTUP BILJEK BIOKOMPÝUTER ULGAMY ESASLANDYRYLDY

Indiana uniwersitetiniň wekilleri adam beýnisiniň öýjüklerinden esasy organoid hökmünde «Brainoware» atly biokompýuter ulgamyny esaslandyrdylar. Geçirilen köp sanly synaglar biokompýuter ulgamynyň gysga ses ýazgylarynyň esasynda adamyň sesini tanamagy öwrenendigini görkezdi.

Gözlegçiler öýjüklerden diametri nanometrden az bolan kiçijik beýni organoidini ösdürip, ony ýokary dykyzlykly köp elektrodly gatlaga ornaşdyrdylar. Täze ulgamda ornuny tapan kremniý plastinasy organoidlere elektrik tolkunlaryny ibermäge we nerw işjeňligi wagtynda neýronlaryň arasynda ýüze çykýan tolkunlary okamaga ukyply çipdir.

Organoid ätiýaçlyk hasaplamalarynyň ýörelgelerinde işleýän emeli aň ulgamyna girizildi. Janly neýronlar girişleriň yzygiderliligi esasynda maglumatlary ele almaga we ýatda saklamaga ukyply fiziki taýdan işjeň gatlak hökmünde hyzmat edýär. Giriş we çykyş gatlaklary üçin bolsa alymlar adaty kompýuter enjamlaryny ulandylar.

Bu taslamany durmuşa geçiren alymlar topary ony synag etdiler. Olar organoide ýapon çekimli seslerini aýdýan sekiz adamyň 240 ses ýazgysyny ornaşdyrdylar. Maglumatlar elektrik tolkunlarynyň görnüşinde çipe ýüklenildi. Gözlegçiler gözegçilik edilýän ýa-da mugallymsyz okuw çemeleşmesini ulandylar. Ulgam ulanyjy gözegçiligi bolmazdan, bellik edilmedik maglumatlar toplumynda gatnaşyklary kesgitlemek üçin tälim aldy.

Synagyň başynda organoid takmynan 51 göterim takyklygy bilen sekiz dürli adamyň haýsysynyň gürleýändigini diňe bir çekimli sesden tapawutlandyrmagy başardy. Iki günden soň bu görkeziji 78 göterime çenli ýokarlandy. «Brainoware» çyzykly däl dinamiki ulgamyň kartalaşdyrylmagyny çaklamak üçin hem ulanylyp görüldi. Şeýlelikde, biokompýuter ulgamy emeli nerw ulgamlary bilen deňeşdirilende, birneme pes takyklygyna garamazdan, has ýokary okuw tizligi bilen tapawutlanýar.

Alymlar geljekde energiýa tygşytlaýan we ýokary tizlikli biokompýuter ulgamlarynyň emeli aňyň ornuny tutup biljekdigine ynanýarlar. Bu gözleg şeýle ulgamlara tarap ilkinji ädimleriň biridir.