«LG» KOMPANIÝASYNYŇ IKI AÝAKLY ROBOTY — ÖÝÜŇ GORAGÇYSY
«LG» kompaniýasy «Smart Home AI Agent» «akylly» öýüň çägindäki täze innowasiýasyny tanyşdyrdy. Ol iki aýagy hem tigirçekli robotdyr. Täsin robot emeli hem-de multimodal tehnologiýalary özünde jemleýär. Bu barada «FoneArena.com» habar berýär.
Täze önüm öý üçin «akylly» kömekçi hökmünde çykyş edýär. Ol ykjam berkidilen kameranyň we datçikleriň kömegi bilen özbaşdak we dürli şertlerde hereket edip bilýär. Gepleýjiler we mikrofon emeli aň ulgamynyň mümkinçilikleri bilen sazlaşyklylykda, ulanyjylar bilen aragatnaşyga işjeň gatnaşyp, adamyň gürleýşine düşünmäge hem-de jogap bermäge ukyplydyr.
«LG» roboty «Qualcomm Robotics RB5» platformasy we daşky gurşaw hakda maglumat ýygnamak üçin datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Tehnologiýa temperaturany hakyky wagtynda kesgitläp, çyglylygy we içerdäki howanyň hilini ölçäp bilýär.
Mundan başga-da, kömekçi «akylly» öý enjamlaryna birigip, olary eýesiniň buýrugy bilen dolandyrmak mümkinçiligine eýedir. Öýi goramaga hem ukyply bolan tehnologiýa üýtgeşik bir iş ýüze çykanda ulanyja duýduryş ýollaýar. Şeýle hem ulanyjynyň şahsy meýilnamasyndaky bellikleri ýatladýar. Mysal üçin, öz wagtynda dermanlary kabul etmelidigini duýdurar.
9 — 12-nji ýanwarynda Las-Wegasda geçiriljek «CES 2024» sergisinde bu tehnologiýanyň mümkinçilikleri dolulygyna tanyşdyrylar.