HINDISTAN 2024-NJI ÝYLDA KOSMOS MISSIÝALARYNYŇ 12-SINI MEÝILLEŞDIRÝÄR
Hindistanyň kosmiki derňew guramasy (ISRO) 2024-nji ýyl üçin ägirt uly meýilnamalaryny tanyşdyrdy. Ol Hindistanyň kosmiki agentliginiň täze rekordy hökmünde bellige alynjak 12 kosmos missiýasyny özünde jemleýär. Bu barada «The Times of India» milli agentligi habar berdi.
«Bu missiýa kosmonawtlaryň üçüsini Ýerden 400 km belentlige çykarjak Hindistanyň ilkinji «Gaganýan» atly kosmosyny öz içine alar» — diýip, ISRO-nyň ýolbaşçysy Şridhara Paniker Somnath metbugat wekilleri üçin guralan brifingde belledi.
Hindistanyň ilkinji milli kosmos gämisi bolan «Gaganýanyň» ekipažynyň üç agzasy modulyň Hindi ummanyna düşmezinden öňki üç güni kosmosda geçirerler.
ISRO-nyň ýolbaşçysy şu ýyl uçuşlaryň sanynyň meýilleşdirilen görkezijisinden hem artyk bolup biljekdigini aýtdy. Ol munuň ISRO-nyň şu ugurdaky enjamlary öndürmek we synag geçirmek mümkinçiligine hem-de ukybyna bagly boljakdygyny nygtady.
ISRO-nyň ägirt uly meýilnamalary dünýäniň kosmos maksatnamasynda Hindistanyň barha artýan ornuny görkezýär we ýurdy bu ugurdaky bäsdeşlikde nobatdaky derejä çykarýar.