HYTAÝ YLMY IŞLERDE EMELI AŇDAN PEÝDALANMAGY ÇÄKLENDIRÝÄR
Bu Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýa ministrligi tarapyndan şeýle gözlegleri kadalaşdyrmak üçin hödürlenen täze resminamada berkidildi.
Düzgünnamalarda emeli aň tehnologiýasynyň döredýän ähli kontentiniň anyk kesgitlenmegi talap edilýär. Şeýle hem şu kontenti döretmegiň mehanizmi barada maglumat bermegiň zerurlygy bellenilýär. Mundan başga-da, indi emeli aň tehnologiýasyny bilelikdäki awtor hökmünde görkezmek gadagan edilýär.
Girizilen täze çäreler çalt ösýän emeli aň tehnologiýasynyň döredip biljek ýalan maglumatlarynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin işlenip düzüldi.
Ýeri gelende bellesek, awgust aýynda hökümet alymlyk derejeleri barada kanunyň taslamasyny çap edipdi. Şol taslamada dissertasiýa ýazmak üçin emeli aňdan peýdalanan dalaşgärleriň derejeleriniň ýatyryljakdygy aýdylýar. Resminamanyň heniz gutarnykly däldigine garamazdan, Hytaýyň akademiki žurnallarynyň birnäçesi eýýäm emeli aň tarapyndan döredilen makalalardan ýüz dönderýärler.