TÜRKMEN TALYPLARY KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ UNIWERSITETINDÄKI ALYŞ-ÇALYŞ MAKSATNAMASYNY ÜSTÜNLIKLI TAMAMLADYLAR

2024-02-12 | 209
TÜRKMEN TALYPLARY KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ UNIWERSITETINDÄKI ALYŞ-ÇALYŞ MAKSATNAMASYNY ÜSTÜNLIKLI TAMAMLADYLAR

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Gurbandurdy Gurbandurdiýew we Medine Muhammedowa Koreýa Respublikasynyň Hanýan uniwersitetinde akademiki alyş-çalyş maksatnamasyny üstünlikli tamamlanlaryndan soň Watanymyza dolandylar. Maksatnamanyň çäginde talyplar tutuş bir ýyllap Koreýanyň iň gowy uniwersitetleriniň birinde okadylar.

Gurbandurdy we Medina Hanýan uniwersitetinde okaýarkalar dürli ugurlar boýunça bilimlerini giňeltdiler. Türkmen talyplary koreý dilini we medeniýetini öwrendiler. Ýeri gelende bellesek, bu maksatnama emeli aň, mahabat, günbatar medeniýeti, bioarheologiýa, hatda kazyýet antropologiýasy ýaly ugurlary hem öz içine aldy.

Talyplar okuwdan daşary medeni we sport çärelerine işjeň gatnaşyp, uniwersitetde daşary ýurtly talyplaryň arasynda bolup, koreý durmuşyna uýgunlaşmaga kömek etmek maksady bilen guralan çärelere goşant goşdular.

Alyş-çalyş maksatnamasynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen, Hanýan uniwersitetiniň ýolbaşçylary türkmen talyplaryna dabaraly ýagdaýda degişli şahadatnamalary gowşurdylar.

«Koreýa Respublikasynda okamak meniň üçin tolgundyryjy tejribe boldy. Halkara we koreý talyplary bilen bilelikde okamak maňa halkara aragatnaşyk we medeni alyş-çalşygyň çäginde gymmatly bilimleri almaga mümkinçilik berdi. Şeýle bilim mümkinçilikleri üçin «MUGNiR-e» we Hanýan uniwersitetine tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin» — diýip, Medine Muhammedowa ýürek buýsanjyny beýan etdi.


Gurbandurdy Gurbandurdiýewiň häzirki wagtda halkara jemagat hukugy hünäri, Medine Muhammedowanyň bolsa halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty hünäri boýunça ikinji ýyl talyplardygyny ýatlasýarys.