AŞGABAT ŞÄHERINIŇ PARAHAT-7 ÝAŞAÝYŞ TOPLUMYNDA TÄZE MEKDEPLER WE ÇAGALAR BAGLARY GURLAR

2024-02-12 | 345
AŞGABAT ŞÄHERINIŇ PARAHAT-7 ÝAŞAÝYŞ TOPLUMYNDA TÄZE MEKDEPLER WE ÇAGALAR BAGLARY GURLAR

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar bagynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdepleri we çagalar bagyny 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.