Daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek baradaky maslahat

2024-02-16 | 208
Daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek baradaky maslahat

Şu gün fewral aýynyň 16-na sagat 16:00-da Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek boýunça Merkezi guramaçylyk topar bilen Guramaçylyk toparynyň bilelikdäki 2-nji maslahaty geçirildi

Maslahat gibrid görnüşde geçirilip, oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek boýunça Merkezi guramaçylyk toparynyň hem-de Guramaçylyk toparynyň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda yglan edilen daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň ugurlaryny we ýumuşlarynyň taýýarlanyş düzgünleri kesgitlenildi, şeýle-de bäsleşige hasaba alnan gatnaşyjylar baradaky maglumatlar seljerildi, onuň indiki tapgyrlaryna taýýarlyk işleriniň barşyny maslahatlaşylyp, Döwlet bäsleşigini geçirmegiň beýleki guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.