Aýdollar (Idols). Dramalar. BTS. STRAY KIDS. Kimçi. Bulgogi
Bularyň hemmesi näme?
Ýokardakylaryň hemmesi Koreýa medeniýetiniň bir bölegidir. Koreýa Respublikasy özüniň gadymy däp-dessurlaryny we döwrebap durmuşyny özünde ajaýyp sazlaşyk bilen jemleýär. Bütin dünýä boýunça Günorta Koreýa özüne barha köp gyzyklanma döredýär: köp ýagdaýlarda bu ýurduň häzirki zaman medeniýeti - K-Pop we dramalar bilen gyzyklanyp başlanlar, bu ýurduň taryhy we sosial-medeni aýratynlyklary barada has ýakyndan tanyşmak isleýärler.
Biziň ýurdumyzyň raýatlary hem soňky döwürlerde giňden ýaýran Koreý medeniýet tolkunyndan daşarda galmadylar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda Koreý Respublikasy bilen ikitaraplaýyn bähbitli we dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler muňa ýardam edýär. Şol işleriň üstünlikli netijeleriniň biri hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň çäginde Koreýa Respublikasynyň Milli maglumatlar jemgyýeti agentligi (NIA) bilen bilelikde esaslandyrylan Maglumat elýeterlilik merkezi bolup durýar. Bu merkezde innowasion tehnologiýalara, sanly bilime degişli okuw kurslaryndan başgada Koreý dili we medeniýeti öwrenilýär. Häzirki wagtda Koreý dili kurslarynyň ikinji tapgyryna ýazylşyk dowam edip, Birinji dereje okaýanlar üçin sapaklar hepdede 3 gezek geçirilýär.
Bu ýerde talyplar diňe bir Koreý dili däl, eýsem Koreý diliniň sapaklary bilen utgaşykly ýagdaýda, koreý medeniýetini we onuň aýratynlyklaryny hem özleşdirýärler. Sapaklardan daşary kursyň diňleýjileri üçin Koreý baýramçylyklary günlerinde dürli medeni çäreler: karaoke, Koreý film agşamlary we ş.m. gurnalýar.
Okuwlar Koreýa Respublikasyny ilçihanasy tarapyndan sowgat edilen daşary ýurtlular üçin niýetlenilýän koreý dili kitaplary boýunça geçilýär. Bu kitaplar koreý dilini öwrenmek üçin aýratyn amatlylygy we ähmiýetliligi bilen tanalyp, olar Koreýa Respublikasynyň Milli Halkara Bilim Instituty tarapyndan neşir edilendir.