WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan tassyklanan “Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belent paýhasly ýol-ýörelgelerine eýerip, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň degişli Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň çuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, olarda watansöýüjilik, ruhy-ahlak we milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak duýgularyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçiriljek wagyz-nesihat çäreleriniň Meýilnamasyna” laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň başynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda 2026-njy – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 23-nji sentýabrynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üstünlikli geçendigini, onda “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň”
hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmeginiň taryhy ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp geçildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzy alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, häzirki zaman bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ýaýbaňlandyrmak babatda «Bilim hakynda» we «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» ägirt uly ähmiýete eýe bolýandygy aýratyn nygtaldy.
Bu wagyz-nesihat duşuşygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy müdirliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdy.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalar we döredilýän mümkinçilikler dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti