ÝAŞULULARYŇ GÖRELDESI – NESILLERIŇ ÝÖRELGESI
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde her ýylyň 1-nji oktýabrynda uly dabara bilen bellenilýän Halkara Ýaşulular güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde çäre geçirildi. Bu dabaraly çärede uniwersitetiň mugallymlary döwletimizde ýaşuly nesline goýulýan hormat, olaryň durmuş tejribesine berilýän ähmiýet barada çykyşlary etdiler. Esasan hem, baý durmuş tejribeli ýaşulylaryň watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik hakyndaky nesihatlarynyň geljek nesliň kämil milli terbiýesiniň kemala gelmeginde aýratyn orna eýedigi bellenildi. “Paýha çeşmesi” kitabyndan mysal getirilen nakyllar we atalar sözleri ýaşululara goýulýan sarpanyň türkmen halkynyň asyrlara uzaýan taryhy ýörelgesidigine güwä geçýär. Çykyş edenlerden soňra Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde zähmet çekýän ýaşululara sowgat gowşurylyş dabarasy boldy. Dabaranyň ahyry türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri bilen jemlendi.