“Bilim syýasatyny işläp düzüjiler üçin bilimiň transformasiýasy: Singapuryň tejribesi” atly okuw maslahaty

2024-08-27 | 256
“Bilim syýasatyny işläp düzüjiler üçin bilimiň transformasiýasy: Singapuryň tejribesi” atly okuw maslahaty

Singapur Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 19-23-nji awgusty aralygynda guralan ““Bilim syýasatyny işläp düzüjiler üçin bilimiň transformasiýasy: Singapuryň tejribesi” atly okuw maslahatyna Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň uly ylmy işgäri O.Berdiýew gatnaşdy.

Bu okuw maslahatynyň esasy maksady Singapuryň bilim ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipeleri, şol sanda okuwçylaryň başarnyklaryny we olaryň mekdepde hem-de geljekde üstünlik gazanmak isleglerini berkitmek boýunça mümkinçilikleri öwrenmekden ybarat boldy.

Okuw maslahatynda beýan edilen mowzuklarda bilimiň ösüş depginlerine giňişleýin düşündirişler berildi. Singapuryň bilim ulgamyny dolandyrmaga ulgamlaýyn çemeleşmek, orta mekdep ulgamynda okatmagyň we ýolbaşçylygyň hilini ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan innowasiýa we özgertmeler syýasaty hem-de tejribesi barada täsirli çykyşlar edildi.

Okuw maslahaty halkara tejribesini öwrenmek, seminarlary guramak, bilim edaralaryna baryp görmek we toparlaýyn özara pikir alyşmak ýaly dürli görnüşlerde alnyp baryldy.

Dünýäniň 30-a golaý döwletiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu okuw maslahatynda hormatly mugallymlaryň eden çykyşlary ýokary derejesi bilen tapawutlandy. Olaryň görkezen elektron tanyşdyrmalary maglumatlara we täsirli pikir alyşmalara baý boldy. Okuw maslahaty gatnaşyjylaryň halkara bilim ulgamynda tejribelerini çuňlaşdyrmaga ýardam etdi. Şeýle hem, olara halkara nusgadaky degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Şeýle hem bu barada okaň: Orient.tm