Türkmenistanyň Bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

2026-03-26 | 680
Türkmenistanyň Bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Bilim boýunça bütindünýä monitoringly hasabatynyň (GEM) 2026-njy ýyldaky sanynyň dabaraly tanyşdyrylyşy hem-de “2030-njy ýyla çenli hasap: elýeterlilik we deňlik” atly tapgyryň resmi taýdan badalga almagy mynasybetli ýokary derejeli çäre geçirildi.

Maslahata ÝUNESKO-nyň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň, ÝUNISEF-niň, Ýewropa Komissiýasynyň, bilimi ösdürmek boýunça halkara we sebit düzümleriniň wekilleri, şeýle hem dünýäniň birnäçe döwletleriniň bilim ulgamlaryna ýolbaşçylyk edýän ýolbaşçylar we ýokary wezipeli wekiller gatnaşdylar.

Çäräniň açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň Bilim meseleleri boýunça Baş direktorynyň orunbasary hanym Stefaniýa Jannini çykyş etdi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Amina J. Mohammediň wideoýüzlenmesi görkezildi. Şeýle hem, GEM 2026 hasabatynyň hem-de “2030-njy ýyla çenli hasap: elýeterlilik we deňlik” tapgyrynyň resmi tanyşdyrylyşy babatda GEM hasabatynyň direktory Manos Antoniýinis çykyş etdi.

Günüň dowamynda geçirilen mejlislerde bilimde elýeterlilik we deňlik, bilime elýeterlilikden daşarda galýan çagalaryň sanyny azaltmak, bilim ulgamyny rejeli maliýeleşdirmek, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli bellenen halkara maksatlara ýetmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew çäräniň çäklerinde geçirilen “Borçnamalardan netijelere: mekdebe çenli bilim babatda milli garaýyşlar” atly tegelek stoluň işine gatnaşdy. Bu çärä Özbegistan Respublikasynyň, Gambiýa Respublikasynyň, Serbiýa Respublikasynyň, Gruziýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda mekdebe çenli bilimi ösdürmek, onuň elýeterliligini giňeltmek hem-de bu ugurda milli tejribäni netijeli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Şeýle-de çäräniň çäklerinde köpugurly we sebitara guramalaryň 2030-njy ýyla çenli bilim gün tertibine bolan garaýyşlaryna, bilimdäki deňsizlikleri ölçemek meselelerine, adalatly maliýeleşdiriş mehanizmlerine hem-de orta bilimden soňky bilim ulgamynyň geljekki ösüş ugurlaryna bagyşlanan maslahatlar geçirildi.

Forumyň ahyrynda GEM 2027 hasabatynyň konseptual ýazgysy bilen tanyşdyryldy hem-de inklýuziw bilim gün tertibini ilerletmek ugrunda mundan beýläkki bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pariž şäherinde geçirilen bu ýokary derejeli çäre bilimde elýeterliligi, deňligi we hili üpjün etmek meseleleriniň häzirki döwrüň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Şeýle hem ol döwletler bilen halkara guramalaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we bilim ulgamynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň aýratyn ähmiýetini görkezdi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Şeýle hem okap bilersiňiz