Halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy

2026-03-24 | 498
Halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy

Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, talyp ýaşlaryň döwlet, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeklerini gazanmakda giň mümkinçilikler döredilýär.

2026-njy ýylyň mart aýynyň 24-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Nazary mehanika” dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Halkara Olimpiadanyň açylyş dabarasy trugbaşdan ýokary ruhy galkynyşa eýe boldy. Onda diňlenilen çykyşlarda bellenilşi ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bilim özgertmeleri oňyn netijeleri berýär. Halkara derejesindäki bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 24-sinden talyp ýaşlaryň 195-si, 17 sany daşary ýurt döwletleriň 97 sany ýokary okuw mekdepbinden talyp ýaşlaryň 571-si, umumylykda 121 ýokary okuw mekdebinden  760-dan gowrak talyp ýaşlar gatnaşýarlar. Bu açyk halkara internet olimpiadasy şahsy we toparlaýyn bäsleşik esasynda geçiriler. Halkara internet olimpiada Türkmenistanyň sanly bilim ulgamynda gazanan netijelerini, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalaryny ulanmakda ukyp başarnyklaryny görkezýär, şeýle hem Milli ykdysadyýetiň durnukly ösýän şertlerinde bilim tehnologiýalaryny netijeli ulanmaga, zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berýär. Olimpiada gatnaşýan talyp ýaşlar ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda okamaga, öwrenmäge, döretmäge hem-de şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty