Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurylydy

2026-03-04 | 394
Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurylydy

Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gyz-gelinlerine pul sowgatlarynyň gowşurylmagy eýýäm asylly däbe öwrüldi. Bu asylly däp Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlaryny we talyp gyzlaryny hem uly şatlyga besledi.
Mekdebiň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly çärede çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň jemgyýetdäki ornunyň has-da ýokarlanýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Dabaranyň ahyrynda zenanlara goýulýan sylag-hormatyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenilip, döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.