“Talyp gözeli” bäsleşigi geçirildi
Bahar paslynyň ilkinji günleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň durmuşynda aýratyn şowhun bilen başlandy. Halkara zenanlar güni mynasybetli mekdebimizde gyz-gelinlerimiziň zehinini, edep-ekramyny we gözelligini açyp görkezýän "Talyp gözeli" bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň dowamynda talyp gyzlar diňe bir gözellikde däl, eýsem pähim-paýhasda we milli däp-dessurlarymyza bolan hormatda hem bäsleşdiler. Okuw mekdebiniň mejlisler zalynda ýaňlanan şowhunly el çarpyşmalar we goldaw sözleri dabaranyň ruhuny has-da belende göterdi.
Emin agzalarynyň çykaran netijesine görä, baýrakly mynasyp bolan ýeňijilere we gatnaşyjylara okuw mekdebiniň hem-de kärdeşler arkalaşygynyň adyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bu bäsleşik Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlary üçin diňe bir bäsleşik bolman, eýsem hakyky baýramçylyk dabarasy boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň zehinini açmak üçin şeýle şertleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.