Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

2026-01-06 | 380
Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

Şu gün “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülendigini ýüze çykardy.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de çärä gatnaşyjylary, olaryň üsti bilen ähli halkymyzy täze, 2026-njy ýylyň başlanmagy hem-de bu ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.