BIZIŇ TALYBYMYZYŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI
Häzirki döwürde sport ulgamy döwletleriň halkara abraýyny ýokarlandyrýan, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýeleýän möhüm ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen türgenleriniň dünýä arenasynda gazanýan üstünlikleri tutuş halkymyz üçin buýsanç çeşmesine öwrülýär. Şeýle üstünlikleriň biri hem Türkmennebit döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Hojaýew Muhammediň Müsür döwletinde geçirilen paraolimpiýa oýunlarynyň powerlifting görnüşi boýunça 3-nji orna mynasyp bolmagydyr.
Türkmen döwletiniň sport syýasatynda halkara üstünlik gazanan türgenleri goldamak, olary höweslendirmek möhüm ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Hojaýew Muhammediň 70 000 manat pul baýragy bilen sylaglanmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu sylag diňe bir maddy goldaw bolman, eýsem ýaş türgene bildirilen uly ynamyň, hormatyň we döwlet tarapyndan berilýän bahanyň nyşanydyr.
Türkmen sportynyň abraýyny ýokary galdyrmakda, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösýän sagdyn, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömüri uzak, belent başalary aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!