Ylmy-amaly maslahat geçirildi
2025-12-10
| 255
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe bagyşlanyp dekabr aýynyň 10-na “Ylym-bilim-rowaçlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda mekdebimiziň mugallymlarynyň şeýle-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň alymlarynyň çykyşlary diňlenildi. Soňra ylmy-amaly maslahat öz işini dowam etmek bilen aýratyn tapawutlanan mugallymlara we talyp ýaşlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.Geçirilen ylmy-amaly maslahatyň tezisler ýygyndysy çap edildi. Maslahatyň ahyrynda mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.