Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Janmämmedow Guwanç hormatly Prezidentimiziň ýaşlara aýratyn üns berýän parasatly syýasatynyň üstünlikli miweleriniň biri hökmünde, Magtymguly adyndaky ýaşlar baýragynyň eýesi boldy. Bu abraýly sylag ýurdumyzyň zehinli, döredijilikli hem-de jemgyýetçilik işleri bilen tapawutlanýan ýaşlaryny ýüze çykarmaga, olaryň yhlasyny we üstünliklerini giňden wagyz etmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň biridir.
Janmämmedow Guwanjyň bu üstünligi ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikleriň giňdigini, döredijilik we ylym-bilim pudagynda täze sepgitlere ýol açylýandygynyň şaýatnamasydyr. Şeýle hem ol özüne berlen hormatly sylagyň has uly jogapkärçilik ýükleýändigini, geljekde ýurdumyza gerekli hünärmen bolup ýetişmekde saýlap alan hünärini kämil ele alyp, watana hyzmat etmek üçin ukybyny aýamajakdyny belledi. Bu üstünlik talyp ýaşlaryň arasynda täze başlangyçlaryň döremegine itergi berdi.