Täze sport meýdança döredildi.
Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň bedenterbiýe boýunça
şertlerini gowulandyrmak maksady bilen açyk howada döwrebap maşk edilýän meýdança
döredildi. Meýdança häzirki zaman talaplaryna laýyk bolup, onda maşklary ýerine ýetirmek üçin
ähli mümkinçilikler döredildi. Sport enjamlary hil taýdan berk talaplara laýyklykda saýlanyp,
howanyň dürli şertlerinde ulanmaga amatlydyr. Mundan başga-da, meýdançada agşam wagtlary
hem türgenleşik geçirmek üçin ýörite yşyklandyryş ulgamy oturdyldy. Bu sport meýdança
ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmäge, bedenterbiýe-sport bilen yzygiderli
meşgullanmagyna we zehinli türgenleriň ýüze çykmagyna uly mümkinçilik berer. Şeýle hem
täze meýdançanyň okuw mekdebiniň okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini artdyrmaga hem öz
goşandyny goşjakdygy görnetindir. Talyplar üçin döredilen bu amatly şertler, olaryň boş
wagtyny sagdyn we peýdaly geçirmeklerine, hyjuwlarynyň ýokarlanmagyna hem-de sportuň
dürli görnüşleri boýunça gazanýan üstünlikleriniň artmagyna hyzmat eder.