Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Hojaýew Muhammet – Los-Anjeles 2028 Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Müsürde geçirilen bäsleşikde kümüş medala mynasyp boldy.
2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anjeles XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Müsürde geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň at-abraýyny ýokary derejede gorap çykan ýaş türgen, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Hojaýew Muhammet sportuň Pauerlifting görnüşi boýunça üstünlikli çykyş etdi. Bäsleşik ýokary derejede, çynlakaý taýýarlykly geçdi. Hojaýew Muhammet öz agram derejesinde garşydaşlaryna garşy netijeli çykyş edip, 2-nji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldy. Bu üstünlik diňe bir şahsy ýeňiş bolman, eýsem ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda alnyp barylýan döwlet derejesindäki tagallalaryň netijesi hökmünde-de giňden bellenilip geçildi. Hojaýew Muhammet çagalyk ýyllaryndan bäri sporta aýratyn höwesli bolupdyr. Mugallymlarynyň we tälimçileriniň beren gürrüňlerine görä, Muhammet özüniň ygrarlylygy, tutanýerliligi we başarjaňlygy bilen tapawutlanýan türgenleriň biridir. Onuň sport ýolundaky ilkinji üstünlikleri welaýat derejesindäki ýaryşlarda başlanyp, soňlugy bilen gaýry ýurtlaryň çäginde geçirilen milli bäsleşiklerde hem ýeňişler gazanmagy bilen dowam edýär. Bu üstünligi üçin mekdep tarapyndan dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.