Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” eseri boýunça “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşiginde ýokary görkezijilere eýe bolan okuwçylaryň sylaglanyş dabarasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly we watançylyk ruhunda terbiýelemekleri baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu günki gün olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim we terbiýe almaklary üçin ähli şertdir mümkinçilikler döredilen.
Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaşlar halkara we döwlet derejesinde geçirilýän dürli ugurlar boýunça taslama we ders bäsleşiklerine gatnaşyp, özleriniň zehin başarnyklaryny görkezýärler.
Mart aýynyň 10-na Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti tarapyndan geçirilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň 10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” eseri boýunça “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak boýunça bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşigiň netijeleri boýunça iň ýokary görkezijilere eýe bolan okuwçylar baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olar Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti tarapyndan taýýarlanylan hormat hatlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Bu ýokary okuw mekdebinde şeýle ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna ýardam edýär.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça iň ýokary görkezijilere eýe bolan okuwçylar:
| T\B | Ady we familiýasy | Orny | Mekdep | Synpy |
| 1 | Annanyýazowa Almagül | I | Aşgabat şäheriniň 40-njy orta mekdebi | 12 |
| 2 | Orazow Oraz | I | Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebi | 11 |
| 3 | Hallyýewa Jemal | I | Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebi | 12 |
| 4 | Durdyýewa Aýnur | I | Aşgabat şäheriniň 34-nji orta mekdebi | 12 |
| 5 | Baýramowa Nurana | II | Aşgabat şäheriniň 10-njy orta mekdebi | 11 |
| 6 | Batyrowa Gülälek | II | Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebi | 10 |
| 7 | Meretgeldiýewa Gülbibi | II | Aşgabat şäheriniň 40-njy orta mekdebi | 11 |
| 8 | Akymmaýewa Arzygül | II | Aşgabat şäheriniň 11-nji orta mekdebi | 10 |
| 9 | Atamyradowa Zynat | III | Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebi | 12 |
| 10 | Rejepdurdyýewa Selbi | III | Aşgabat şäheriniň 35-nji orta mekdebi | 11 |
| 11 | Rahmanberdiýewa Gülzar | III | Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebi | 10 |
| 12 | Allanazarowa Aýmedine | III | Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebi | 11 |
| 13 | Rasulowa Merjen | III | Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebi | 10 |