Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde göçme sergi gurnaldy

2026-03-13 | 1045
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde göçme sergi gurnaldy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döwlet muzeýleriniň gymmatlyklarynyň we kitaphanalarynyň kitaplarynyň göçme sergileri gurnaldy. Halkymyzyň köp öwüşginli medeni mirasyny, ene-mamalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzy, nepis aýratynlyklaryny we milli gymmatlyklaryny ýaş nesillere ýetirmekden ybarat boldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti