Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite bilim maksatnamasyna talyplaryň kabul edilýändigini habar berdi

2026-03-12 | 957
Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite bilim maksatnamasyna talyplaryň kabul edilýändigini habar berdi

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026-2027-nji okuw ýylynyň güýz we ýaz möwsümleri üçin Koreýa öwreniş ýokary akademiýasynyň meýilnamasy boýunça talyplary kabul edýändigini habar berdi. Maksatnama magistr we doktorlyk derejelerini hödürleýär.

2026-njy ýyldaky güýzki kabul edişlik üçin elektron anketa (okuw 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlaýar) 9 – 20-nji mart aralygynda; 2027-nji ýyl üçin (okuw 2027-nji ýylyň 1-nji martynda başlaýar) 31-nji awgust - 11-nji sentýabr aralygynda alynýar.

Okuwa girmek bilen bagly doly maglumat Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky iliçihanasynyň web-saýtynda ýerleşdirilendir.

Çeşme: Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy