Türkmenistanyň talyby Russiýada geçirilen halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy

2026-03-03 | 1021
Türkmenistanyň talyby Russiýada geçirilen halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň IV ýyl talyby Zyýada Ýusubowa Russiýa Federasiýasynyň “Формула науки” ylmy-barlaglar merkezi tarapyndan guralýan “Горизонты исследований - 2026” atly halkara ylmy-barlag işleriniň bäsleşigine internet arkaly gatnaşdy.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça talybyň “Beýik Seljuk türkmen döwletiniň medeniýeti” atly ylmy makalasy “Iň gowy ylmy makala” diýen ada we I derejeli diploma mynasyp boldy.

Bu çäre gatnaşyjylara ylmy ukyplaryny görkezmek, ylmy gözlegleriň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikleri görkezmek we hünär baglanyşyklaryny ýola goýmak üçin gowy mümkinçilik berdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti