«Häzirki zaman ýokary netijeler sporty: meseleler we geljekki mümkinçilikler» atly halkara ylmy seminar

2026-02-26 | 773
«Häzirki zaman ýokary netijeler sporty: meseleler we geljekki mümkinçilikler» atly halkara ylmy seminar

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň ýardam bermeginde Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynda «Häzirki zaman ýokary netijeler sporty: meseleler we geljekki mümkinçilikler» atly ylmy seminar geçirildi. Oňa pedagogika ylymlarynyň doktory, professor W.N.Platonow bilen bir hatarda Gazagystandan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Russiýadan 270-den gowrak mugallymlar, tälimçiler hem-de hünärmenler gatnaşdylar.

Seminar fewral–maý aýlarynda her aý geçiriljek tapgyryň başlangyjy boldy. Taslamanyň maksady ylmy-amaly hyzmatdaşlygy berkitmek we ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 22 mugallymy bu taslama işjeň gatnaşdy. Şeýle hem ýokary okuw mekdebimiziň wekilleri 2026-njy ýylyň fewral aýynda geçirilen futbolda VAR ulgamy boýunça halkara okuw-maslahatyna we çeperçilik gimnastika boýunça okuw-seminara gatnaşdylar. Geçen ýylda halkara federasiýalaryň we ylym-bilim merkezleriň guramagynda geçirilen seminarlarda 75 mugallym hünär derejesini ýokarlandyrdy.

Arslan MYRADOW, 

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Ylym bölüminiň hünärmeni.