Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşigi geçirildi

2026-02-26 | 1140
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşigi geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň zehin-başarnygyny, ugur tapyjylygyny, maksada okgunlylygyny, ruhu belentligini, eziz Watanmyza we mähriban halkymyza bolan çäksiz söýgüsini hem-de buýsançlylygyny, ene-mamalarmyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzy we halkymyzyň köp öwüşginli medeni mirasynyň nepis aýratynlyklaryny kämil bilşini, şol gymmatlyklary ýaş nesillere ýetirmek ukybyny, maşgala durmuşyna taýýarlygyny, gyz maşgala mahsus medeniýetini, ýokary ahlak sypatlaryny we  edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, talyp gyzlaryň arasynda yglan edilen “Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşigi  fewral aýynyň 25-ne Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň fakultetleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirildi.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti