GRAZ Tehnologiýalar uniwersitetiniň Elektronika Institutynyň professorynyň ussatlyk sapagy geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňemegi üçin ähli şertleri döretmek, dürli pudaklar üçin ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamak ýaly giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanda ylym we bilim ulgamyny halkara derejesine çykarmak, dünýä tejribesini ornaşdyrmak we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Bu gatnaşyklar talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygyny, bilelikdäki ylmy taslamalary hem-de sanly bilimi ornaşdyrmagy öz içine alýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň guramagynda Awstriýanyň GRAZ Tehnologiýalar uniwersitetiniň Elektronika Institutynyň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda Elektronika Institutynyň professorynyň gatnaşmagynda ussatlyk sapagy gurnaldy.
Bu ussatlyk sapagyna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary we ýaş mugallymlary gatnaşdy. Ussatlyk sapagynyň esasy maksady Ýewropanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biri bolan hyzmatdaş uniwersitetde okadylyş usulyýetini köpçülige ýetirmekden ybaratdyr.
Awstriýanyň GRAZ Tehnologiýalar uniwersitetiniň Elektronika Institutynyň professorynyň gatnaşmagynda gurnalan ussatlyk sapagy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim babatynda alyp barýan daşary we içeri syýasatlarynyň bu günki gün halkara derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.