Aşgabatda Rumyniýanyň uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänleriň arzalary kabul edilip başlandy

2026-02-25 | 869
Aşgabatda Rumyniýanyň uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänleriň arzalary kabul edilip başlandy

Aşgabatdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 23-nji fewralda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýän türkmen raýatlarynyň arzalaryny kabul edip başlady.

Kabul edişlige umumy orta, orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi bolan ýaşlar çagyrylýar. Resminamalaryň terjimesi iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilinde bolmaly.

Giriş üçin zerur resminamalaryň doly sanawy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti