Gahryman Arkadagymyz bilim özgertmeleri we iňlis diliniň Türkmenistandaky aýratyn orny barada gürrüň berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýu berdi. Gahryman Arkadagymyz bilim ulgamyndaky özgertmeler we iňlis diliniň häzirki zaman türkmen ýaşlarynyň durmuşynda aýratyn orny barada jikme-jik gürrüň berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda iňlis diline uly gyzyklanma bar. Häzirki günde ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän mekdeplerinde iňlis dilini öwrenmeklik girizildi. Dört sany ýokary okuw mekdebinde okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar.
Söhbetdeşlikde innowasiýa bilim merkezine öwrülýän täze "akylly" Arkadag şäherine aýratyn üns berildi.
“Ýakynda gurlan täze «akylly» Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim usullary we standartlary boýunça okadyljak ýöriteleşdirilen iňlis dilli mekdebini açmagy meýilleşdirýäris. Möhüm hem bellemeli zatlaryň biri: okuw prosesi ABŞ-nyň gowy uniwersitetlerinde, ýagny Garwardda, Massaçusets tehnologiýa institutynda, Kolumbiýa uniwersitetinde okuwlary dowam etdirmäge mümkinçilik bermeklige gönükdiriler. Ynha, şu ýerde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bilim hem-de ylmy jemgyýetçiliginiň häzirki işi üçin hakykatdan-da giň mümkinçilikler açylýar” diyip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.