ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy maslahatlaşyldy

2026-02-23 | 546
ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy maslahatlaşyldy

21-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, şeýle hem ylmy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar milli toparyň 2025-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, medeniýet we ylym ulgamlary boýunça hasabatlara ser saldylar. Şeýle-de 2026-njy ýyl üçin degişli Iş meýilnamasy we Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çärä gatnaşyjylar bilimi, ylmy, medeniýeti, durnukly ösüşi we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi