Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO klubunyň 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleri maslahatlaşyldy

2026-02-20 | 548
Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO klubunyň 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleri maslahatlaşyldy

Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň we “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO klubunyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly hasabat ýygnagy geçirildi.

Duşuşykda klubuň 2025-nji ýylda bitiren işleri seljerilip, 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen täze çäreler we öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem 2026-njy ýylda agrosyýahatçylygy ösdürmek we “Agro-Innowasiýa 2026” ýaly start-up bäsleşiklerini geçirmek boýunça anyk meýilnamalar tanyşdyryldy.

Çeşme: Türkmen oba hojalyk instituty