Türkmenistanyň okuwçylary Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde 2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda geçirilýän “Central asia FIRST Championship 2026” alty STEM (ylym,tehnologiýa, inženerçilik we matimatika ) olimpiadasyna gatnaşýarlar
Türkmenistanyň okuwçylary Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde 2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda geçirilýän “Central ASIA FIRST Championship 2026” alty STEM (ylym,tehnologiýa, inženerçilik we matematika ) olimpiadasyna gatnaşýarlar.
FTC – ABŞ-da esaslandyrylan, dünýädäki iň uly tehnologiýa guramasy bolan First Global guramasy tarapyndan alnyp barylýar. Her ýyl täze wezipeler berilýär we şol wezipeleri ýerine ýetirip biljek robot awtonomlary taýýarlamagyny isleýärler.
100-den gowrak döwlet, 7000-den köp topardan 70 000-den gowrak okuwçynyň bäsleşýän iň uly robot çempionatydyr.
Çempionat ilki sebitleýin, 30 döwletde (Merkezi Aziýa tapgyry Gazagystanda), we final tapgyry ABŞ-nyň Hýuston ştatynda geçirilýär. Final tapgyryna gatnaşmak üçin Sebitleýin geçirilýän tapgyrda 400-den gowrak topardan saýlanan 60 topar bilen bäsleşerler.
Türkmenistan bu bäsleşikde ilkinji gezek 2025-nji ýylda gatnaşyp “Halkara üstünlik” atly baýragyny gazanmagy başardy.
Bu ýyl hem bu abraýly bäsleşige ýurdumyzdan, OguzRobot #28909 nomer bilen we Erjeller #28930 nomer bilen, iki topar gatnaşar.
Oguz Robot Toparynyň agzalary:
1. Aýnagözel Keýmirowa- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.
2. Rejepow Oraznyýaz- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.
3. Täçmyradow Nepesaly- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.
4. Kerimow Nuraly- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 9-njy synp okuwçysy.
5. Jumamyradow Nazar- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.
Erjeller toparynyň agzalary:
1. Kurbanowa Dürdäne- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.
2. Babajyýew Arslan- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.
3. Merdanow Orazmuhammet- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.
4. Baýryýew Meýlis- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy mekdebiň 9-njy synp okuwçysy.
5. Ataýew Pirnazar- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 9-njy synp okuwçysy.
Türkmenistanyň Bilim ministrlirgi