“Çagalar okaýyşyny guramak” hünäriniň talyplary Döwlet çagalar kitaphanasynda hünär tejribeliligini geçdiler
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň “Çagalar okaýyşyny guramak” hünäriniň talyplary hünär tejribeliligini geçdiler. Kitaphana hünärmeni talyp ýaşlara kitaphananyň sorag-jogap bibliografiki serişdesi bolan pudaklaýyn katalog we ondan okyjylara peýdalanmaklygyň düzgünleri hakynda maglumatlary berdi. Şeýle-de kitaphanamyzyň hazynasyna gelip gowuşýan her bir kitaba degişli katalogyň ýazylyşy we pudaga bölüniş aýratynlygy boýunça ýerbe-ýer goýulyş usullary barada berilen gürrüňleri gyzyklanma bilen diňlediler.
Kitaphana we kitap işini döwrebap kämilleşdirmeklikde Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.
Çeşmesi: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi